Gül görküne taý tapylmaz dünýäde,
Gözelligi Aýdan Günden zyýada.
Her bir ýerde nusgalyk hem görelde,
Türkmeniň gyzlary, türkmen gyzlary.
Dört örümi göýä gijäniň tümi,
Näzli bakyşlary ýok eder gamy,
Ataşynda ýansan ýokdur hiç emi,
Çyn söýgä wepaly türkmen gyzlary.
Haly dokar, keşde gaýar elleri,
Lebleri gunçadyr, inçe billeri,
Göýä bir gül saýradar bilbilleri,
Elleri hünärli, türkmen gyzlary.
Owsunjy şamar saç dyzyna ýeter,
Kirpikleri okdur mergenläp atar,
Uz basyşy, näzi janyňdan öter,
Edebiň nusgasy, türkmen gyzlary.
Bagtyýarlygyň bulagyndan ganyp ýaşaýan türkmen halkynyň her bir güni Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy netijesinde toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy senelere beslenýär. Gülden görkli, asylly türkmen gyzlary bolsa, owadan ülkämizde geçýän toý-baýramlarymyzyň bezegidir.
Şeýle şanly seneleri has-da dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda ýylyň ýylyna Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli baýramçylyk çäreleridir bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän şeýle bäsleşikleriň biri hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän «Talyp gözeli – 2024» atly gözellik, döredijilik bäsleşigidir.
Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Talyp gözeli – 2024» atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry uly şatlyk-şowhun bilen geçirildi.
Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertine görä, talyp gyzlar Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda beýan edilýän türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde özara bäsleşdiler.
«Hünärim bar — hormatym bar» atly üçünji şerte görä, talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan keşde çekmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Dilçi gyzlaryň el işlerine ezberligi milli mirasymyza bolan beýik söýginiň beýanydyr.
Institutymyzyň Rus dili we edebiýaty fakultetiniň talyby Aýgül Allanowa «Talyp gözeli – 2024» atly gözellik bäsleşiginde özüniň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milliligini, medeniýetini, açyp görkezmek bilen Baş baýraga mynasyp boldy.
Arşdan ýalkawly gül Diýarymyzda ýaşlara uly ynam bildirip, biziň ylym-bilim äleminden mynasyp paýymyzy almagymyz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden köp sagbolunymyzy aýdýarys!
Döwletimiziň geljegini biz ýaşlarda görýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ýörän ýoly ýörelge, sözlän her bir sözi biz ýaşlaryň görelde mekdebimize öwrülen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýyllara şamçyrag bolýan, asyrlara nur çaýýan döwletli tutumlary rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.