Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe: häzirki wagtda dokma pudagynyň kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýa enjamlary ornaşdyrylandyr. Täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bir hatarda öndürilýän önümleriň hilini has-da ýokarlandyrmak we olaryň ekologik howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelmegi meselesine hem uly üns berilýär. Iň begendirýän zatlaryň biri hem, biziň ýurdumyzda öndürilýän önümler daşary ýurtlaryň hem uly isleglerine mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bolsa daşary ýurt döwletleriniň öndürýän önümleriniň ornuny tutýan taýýar önümleriň täze görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berýär.
Kärhanalarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde Aşgabadyň dokma toplumy ýokary hilli nah hem-de sütükli matalardan hojalyga zerur bolan dokma önümlerini yzygiderli öndürýär. Ýurdumyzda öň öndürilmedik önümleri çykarmaga gönükdirilen senagat önümçilikleri pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak maksatlaryna hyzmat edýär.
Öndürilýän önümleriň hil derejesini ýokarlandyrmak we olaryň ekologiýa taýdan arassa, adam bedenine ýaramly bolmagyna hem uly üns berilýär. Bagtyýar zamanamyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Biziň öndürýän önümlerimiz bu günki gün dünýäniň onlarça döwletlerine eksport edilýär. Türkmen dokmaçylarynyň hünärli gollaryndan önýän, ak pagtadan öndürilýän önümlerimiziň mynasyp bahalara eýe bolmagy ykdysadyýetimiziň barha kämilleşmegine ýardam edýär. Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy bolsa ýurdumyzyň şöhratyny we at-abraýyny barha artdyrýar. Mundan başgada biz ýurdumyzda geçirilýän we halkara sergilere öz önümlerimiz bilen gatnaşýarys.
Uzukjemal GARAGULYÝEWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.