Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny sowgat etmegi biz-de – ýaşlarda täze üstünliklere, döredijilikli zähmete hyjuw döretdi. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen jümle bar. Bu çuňňur manyly jümlede ýaşlara bolan ynam, buýsanç äşgär duýulýar. Täze kitapda ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilmegi eseriň täsirliligini we ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, milletimiziň ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz kitabynda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esaslaryny seljermä berýär, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirýär, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriniň many-mazmunyny açyp görkezýär. Kitapda Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň nusgalyk ýoly salgy berilýär.
Watanymyzda ýaş nesilleriň bagtly geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Bahar ORAZOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.