GIJELERIŇ OWADAN, GÜNDIZLERIŇ NURANA

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we Aşgabat şäherini ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ak mermere beslenen paýtagtymyz günsaýyn gözelleşýär, täze-täze binalar gurulýar, tebigatyň ajaýyp keşbi bilen kämil sazlaşygy emele getirýän binagärlik toplumlary paýtagt şäherimiziň has-da gözelleşmeginde möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap desgalaryň her biriniň gurluşygynda ilkinji nobatda halkymyzyň abadan we rahat ýaşaýşyny üpjün etmekden ugur alynýar.

      Ýurdumyzyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan 2023-nji ýyl mähriban paýtagtymyz üçin hem ýatda galyjy taryhy wakalara, ajaýyp üstünliklere baý ýyl boldy. Bu ýylda özüniň ajaýyp binagärlik aýratynlygy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolan Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizildi. Munuň özi paýtagtymyzyň dünýäniň has ösen şäherleriniň hataryndaky ornuny nobatdaky gezek pugtalandyran taryhy waka öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň şeýle şöhratly ösüşleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem mynasyp dowam etjekdigi ähli halkymyzy guwandyrýar.

 

Güljahan GULMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

GYMMATLY GOLLANMA

Indiki makala

ÇARWA NOWRUZY

Meňzeş habarlar