Ata-babalarymyzyň hasabyna görä, fewral aýynyň 22-sine çarwa nowruzy başlanýar. Bu möwsümiň ady näme üçin çarwalar, çarwaçylyk bilen baglanyşdyryldyka?! Aslynda, «nowruz güni», «Nowruz baýramy» ýaly düşünjeler bütin türki dünýäsinde bar. Pars dilinde bu söz «täze gün» diýen manyny berýär. Ol gündogar ýurtlarynda uly baýram edilip bellenilýär.
Onuň gözbaşlary juda gadymyýetden gaýdýar. Bu baýramyň kökleriniň gadymy eposlarymyz — «oguznamalardan» gaýdýanlygy baradaky edebi garaýyşlar hem bar. Mahlasy, bu barada gyzyklanmaga, öwrenmäge, özleşdirmäge deliller ýeterlik.
Geçmişde pederlerimiziň durmuşy aglaba çarwaçylyk bilen aýrylmaz bagly bolup, gün-güzeranlaryny, eklenji şonuň bilen baglapdyrlar. Mal-garalarynyň aladasyny irnik görmändirler. Tebigatyň talabyna görä, gyşlaga, ýazlaga göçmek, tomus, güýz örülerini peýlemek zerur bolupdyr. Bu bolsa ýylyň gelşi bilen baglanyşykly bolansoň, pederlerimiz asyrlaryň dowamynda howanyň boluş-goýşuny synlap, öz aý-gün senenamalaryny döredipdirler. «Ýylyň gelşi nowruzyndan belli» diýilýär. Bu döwür ygally bolup, meýdan ýaşyl dona bürense, bütin ýylyň bereketli boljagynyň nyşany hasaplanypdyr. Gyşyň togsan güni dolansoň başlaýan bu döwür 22-nji fewral — 21-nji mart aralygyny öz içine alýar. «Togsan dolup», ýere ýyly gitmegi bilen çarwanyň iň bir jogapkärçilikli döwri başlanýar. Çarwa nowruzynda gar ýagyp, howanyň sowuk bolýan wagtlary hem bar. Bardy-geldi gar ýagaýsa-da, ozal ýeriň süňňüne ýyly ýaýransoň, ol uzak ýatmazdan, bahym ereýär. Tiz sowlup gidýän zada il içinde «Nowruz gary ýaly» diýilýäni hem şondandyr. Şu döwürde howanyň maýlamagy bilen ot-çöpüň doýumlyk bolmasy çarwanyň arly ýylky dilegleriniň biriniň duş bolmagydyr. Ýerden ýaňy dürterip çykan ýylaga, ýepelege aldanyp, gyltyma kowalaşan süri indi birneme jaýlaşandyr. Ýöne oňa çenli çopan-çolugyň aladasy ýeterlik. Çarwalaryň aýtmagyna görä, «Sazak ýaran gara ýeliň» bardyr. Ýene-de gyşdan başbitin çykan mallaryň agralmagy bilen owlak-guzy möwsümine ykjam taýýarlanmalysyň. Bu döwürde mallara aýratyn idi-yssywat gerek bolýar. Möwsümiň başgaça «ýelin aýy» ýa-da «çeltek nowruzy», «teke nowruzy» diýip atlandyrylaýmasy hem bar. Şonuň üçin çarwalar bu döwür ýazlaga göçüp, öriniň üstünden örýärler. Täze bolan owlak-guzulara körpeç taýýarlaýarlar. Mal üstüne göçen, gelin-gyzlar süýt sagyp, peýnir, saryýag, mesge, gurt, garagurt edýärler. Bu barada halk döredijiliginde:
Togsan dolup, ýere ýyly gidende,
Baýlaryň hakyny iýer annaçy.
— diýen setirler hem bar. Bu ýerde «annaçy» sözi goýun-geçi sagýanlara ýardamçy bolýan gyz-gelinleriň, dowar bakýan çopanlaryň her hepdäniň anna güni özlerine alýan azap haklaryndan galandyr.
Nowruz ÝEGENMYRADOW,
«Arkadag» gazeti.