TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

       Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň ruhy galkynyşyny üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak eserler döreden akyldarlarymyzyň atlaryny ebedi şöhratlandyrýar. Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy we edebiýatymyzy bilmeklik, adamyň bilim sowatlylygynyň, watansöýüjilik, halka wepalylyk ýaly ahlak çeşmeleriniň kämilleşmegine ýardam edýär.

       Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şeýle hem, «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, şeýle hem ýetip gelýän halkara zenanlar gününe bagyşlanan söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Täsirli geçen duşuşyga TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň hünärmenleri Didar Geldiýew, Aýnabat Ataýewa, Leýla Aşyrmyradowa şeýle-de Suraý Saparowa dagylar hem gatnaşdylar.

       Çärede Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde onuň şygyrlarynyň ähmiýeti, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň eýeleýän wajyp orny dogrusyndaky gyzykly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

       Şatlyk-şowhuna, bahar güllerine, mähirli arzuwlara beslenen Halkara zenanlar gününiň güneşli Diýarymyzda milli ýörelgelere laýyklykda uludan bellenilmegi, ýurdumyzda zenan sarpasynyň näderejede ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

       Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan, türkmen halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Didar GELDIÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

ÇARWA NOWRUZY

Meňzeş habarlar