ARKADAGYŇ SARPASY – PYRAGYNYŇ PAÝHASY

     Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halypa ýazyjy şahyrlaryň we ýaş žurnalistleriň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

     Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň medeniýetini, dünýä ýaýmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilip, akyldaryň adynyň dünýä dolýandygyny buýsanç bilen bellediler.

     Häzirki wagtda akyldaryň döredijiligini giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek babatda durmuşa geçirilýän işler Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Köpetdagyň eteginde beýik akyldaryň heýkeliniň gurulmagy onuň baý edebi mirasyna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

     Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar geçmişi sarpalap, geljegi nazarlaýan öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny baş maksada öwüren we bu ugurda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Mahym SELIMOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar