Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Men gözelligi döredýärin» atly wagyz-nesihat çäresi hem-de onuň çäklerinde döredijilik sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdirýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde guramaklarynda geçirilen bu dabara döredijilik ruhuna, baýramçylyk şatlygyna beslendi. Bahar – gözelligiň joş urýan pasly. Tebigatda pyntyk ýaran agaçlary, gülläp oturan erikleri göreniňde, hakykatdan-da gözellik dünýäsine seýil edýän ýaly bolýarsyň. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahary has-da üýtgeşik. Munuň şeýledigini döredijilik sergisinde ýerleşdirilen işleriniň hem bilmek bolýar. Olarda Watanymyzyň gözel tebigatynyň, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň waspy ýetirilýär. Baharyň gözellik dünýäsine bagyşlanan döredijilik sergisinde uly orun berlipdir. Telekeçi zenanlaryň taýýarlan el işleri, dürli sowgatlyk önümleri hem ünsi özüne çekýär.
Gurbannazar ÖWEZOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni.