Hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenildi. Öňde durýan aýdyň wezipeleri üstünlikli amal etmekde bagtyýar türkmen ýaşlaryna-da uly orun degişlidir. Çünki durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler, giň gerimli işler, ilkinji nobatda, halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň röwşen geljegini gurmaga gönükdirilýär. Bildirilýän belent ynam, döredilýän döwrebap mümkinçilikler bolsa ýaşlarymyzy täze üstünliklere, belent maksatlara ruhlandyrýar.
«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýaly asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, beýik işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna uzak möhletleýin ösüş maksatnamalary ägirt uly täsirini ýetirýär. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň özeninde halkyň bähbidini ýokary derejä göterip, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwren Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşy hem Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigini ýene bir ýola äşgär görkezdi. Jemgyýetimiziň agzybirligi, jebisligi, ähli ulgamlarda joşýan döredijilikli, öndürijilikli zähmet Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp döwrüniň häsiýetli aýratynlygydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymaty, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary esasynda alnyp barylýan beýik işler arkaly has-da berkidilýän, nusgalyk derejä göterilýän agzybirligiň, jebisligiň, joşgunly, döredijilikli zähmetiň netijesinde, ýurdumyzda geljegi uly, milli bähbitlere gönükdirilen hem-de umumadamzat ähmiýetli iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda adam, onuň bagtyýar, abadan durmuşy hakyndaky alada esasy üns merkezinde durýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň ilatyň iş üpjünçiligini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagynda, saýlan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny artdyrmagynda, ylmy-döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýşynyň giňelmeginde hem-de özlerini kämilleşdirmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly wezipeleriň bu Maksatnamada esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky güwäsidir. Bu bolsa gönüden-göni ýaşlaryň hukuklary, durmuş taýdan goraglylygy we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Maksatnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçiriler. Häzirki wagtda onuň çäklerinde Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary hem alnyp barylýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň bu hakda aýratyn nygtamagy özboluşly many-mazmuna eýedir. Ynsanperwer durmuş syýasaty esasynda ýurdumyzda täze iş orunlary döredilýär. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygy doly üpjün edilýär. Milli Liderimiz çykyşynda howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek işini mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrmagy, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi döwrüň derwaýys meseleleri hökmünde kesgitledi. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen haýyr-sahawat işine uly ähmiýet berilýändigi, şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň saglygyny goramak, berkitmek bilen bagly edilýän tagallalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ýaşlary durmuş taýdan goldamak, olara dürli ugurlarda goldaw bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Mejlisde Milli Liderimiz kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň derwaýysdygyny nygtady. Şunda ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek baradaky meselä hem aýratyn üns çekildi. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde ýurdumyzyň ýaşlarynyň syýasy-ykdysady, medeni özgertmelere has giňden goşulyşmagyny, olaryň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler bilen bir hatarda, ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklarynyň doly ýüze çykmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek ýaly wajyp wezipeler durýar.
Milli Liderimiziň ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky aýdanlary hem hut şeýle belent maksatlary nazarlaýar. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän taryhy başlangyçlarynyň, halk bähbitli işleriň, kabul edilen resminamalaryň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklary, maslahatlary geçirip, halky olar barada gyzgyny bilen habarly etmegiň, döredijilikli işlere ruhlandyrmagyň zerurdygy barada-da aýratyn bellenildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde täsirli çykyşlary guramak, milli medeniýetimizi, maşgala gymmatlyklaryny, däp-dessurlarymyzy, jemgyýetçilik ahlagyny wagyz-nesihat etmek işlerini dowam etdirmek bilen bagly hem anyk tabşyryklar berildi.
Elbetde, şunda ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşiklerine, şol sanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hem möhüm orun degişlidir. Çünki guramanyň ýaş nesilleriň bilim-terbiýesi, olary sagdyn durmuşa ruhlandyrmak bilen bagly alyp barýan işleri kämil jemgyýeti gurmakda uly ähmiýete eýedir.
Ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmatyny giň jemgyýetçilige, esasan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek, olarda Watana bolan beýik söýgini, ene-ata çäksiz hormat-sarpany, nesilleriň öňündäki jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemek biziň jana-jan borjumyz, esasy wezipämizdir. Milletiň ykbaly göterilen bu ajaýyp döwürde amala aşyrylýan her bir iş Watanyň, halkyň bähbidine gönükdirilýär. Mejlisde Milli Liderimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan: «Owal-ahyr hemişelik badalgamyz Watandyr» diýen ajaýyp jümlesini mysal getirmegi ýaşlaryň watansöýüjilik duýgularyny has-da belende göterdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen dürdäne sözleri bolsa maksatly menzillerde hemmämize çelgidir.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.