Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik Guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şeýle hem, «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça beýan edilen wajyp meseleler barada ýaşlara wagyz-nesihat etmek maksady bilen giňişleýin söhbetli gepleşik ýazgy edildi.
Söhbetli gepleşige TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni Mahym Selimowa, TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Serdar Gurbanmuhammedow, şeýle-de TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri Begmuhammet Meredow gatnaşdylar.
Çykyşlaryň her birinde häzirki döwürde türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri jemgyýetçilik wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak wezipeleriniň degişli derejede amala aşyrylýandygy, Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin aýdylyp geçildi.
Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin, körpe nesilleriň, ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Maglumat
beriş bölüminiň hünärmeni.