Adama iň bir ýakyn zatlara mukaddeslik hökmünde garalýar. Dünýä ýaňy inen akja bäbegiň özi mukaddeslik. Ene-ata uly umyt bilen, uludan toý tutup, ýakyn-ýadyny üýşürip, ýagşydan-ýagşy at dakyp, mundan beýläk ömrüniň manysyny, maksadyny öz perzendiniň abraýyna, bagtyna guwanmakda görýär. Çaga ulalyp ese-boýa galýança, mukaddeslik derejesinde sarpalanýan kadalara ýygy-ýygydan alnyny direýär. Ine, maşgala durmuşynyň gündelik durmuşynda günde gaýtalanýan görnüşi alyp göreliň. Öý bikesi hemmeleri saçagyň başyna çagyrýar. Edepli çaga maşgalabaşy tagamyň «Bismillasyny» aýtmazdan öňürti nahara elini uzatmaz. Dünýä gowulyklarynyň ählisini biz çagalarymyza bagyşlaýarys. Bu milletimiziň mizemez edep kadasy. Ýöne duzy ilki erkek kişi dadýar, tagamyň ilkinji tabagy maşgalabaşa äberilýär. Bu milli edebimiziň sarsmaz kadasy, ol «maşgala» atly baş galanyň binýadynda durandyr. Maşgala bolsa — mukaddeslikleriň ulusy, ondan ömrüň gözbaşy gaýdýar, adam ykbalynyň hemme ýollary maşgaladan başlanýar. Maşgala mukaddesligi baradaky aýdyň hakykaty ýaşlaryň aňyna guýmak, ösüp gelýän nesillere maşgalanyň eldegrilmesiz, dil ýetirmesiz, gyýa göz bilen bakmasyz mukaddeslikdigini hemmetaraplaýyn düşündirmek döwrümiziň derwaýys wezipesi bolup durýar. Mukaddeslik barada ilkinji düşünje ynsanda hut maşgalada kemala getirilýär. Munuň üçin maşgalanyň özi namazlyk ýaly tämiz, arassa, halal, mukaddes bolmaly. Maşgalanyň abraýy, zenanyň sarpasy – eldegrilmesiz mukaddeslik. Milletimiz olary ar-namysyna, ruhy tuguna deňeýär. Zenany hemme ýowuzlyklardan, agyr zähmetden, yzgytsyz bakyşlardan, gelşiksiz gep-gybatdan goramak il içinde mizemez kanun hasaplanýar. Zenana bolan garaýyş milletiň ruhy kämilligini kesgitleýär diýýärler. Mundan ugur alsak, türkmenler dünýäde iň bir ruhy sagdyn, ruhy kämil halklaryň biri. Milletimiziň ruhy ýörelgeleri bolsa mukaddeslikdir. Watan mukaddesligi — nurana il-günüň, döwletli ojagyň, abadan maşgalanyň, at-abraýyň, göz guwanjyň, dowamat-dowamyň. Bu mukaddesliklere diňe agzybirlik bilen ýetilýär, olary diňe agzybirlikde ähli howp-hatardan gorap, guwanyp-buýsanyp ýaşamaly. Goý, mukaddeslikler siziň her biriňiziň ömrüňizi bezesin, durmuşyňyzyň her ädimine nur-ýalkym bagyşlasyn. Bizi milletimiziň mukaddeslikler hazynasynyň jümmüşinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin
habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.