TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

       Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanan duşuşyga ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy.

       Ýaşlarda türkmen halkyna mahsus bolan ahlak häsiýetleri, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek maksady bilen geçirilen duşuşykda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeler, ony üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada bellemek bilen, ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda alnyp barylýan işler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Wepa ANNABERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA