BELENT SARPANYŇ NYŞANY

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň täze taryhy döwrüniň şöhratly ýyllarynyň birine öwrüler. Çünki üstümizdäki şanly ýylda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenip geçilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy  (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriniň sanawyna girizilmegi bolsa, şanly ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda şu günler etrabyň edara-kärhanalarynda, orta mekdeplerdir çagalar baglarynda guralýan wagyz-nesihat çärelerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, şanly ýylyň ajaýyp wakalary dogrusynda aýratyn durlup geçilýär.

      Etrabyň A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň we ýaş mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy. Duşuşykda türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynda öňe süren taglymatlary we ondaky öwüt-ündewleriniň terbiýeçilik ähmiýeti baradaky gürrüňe üns çekildi. Şeýle-de, duşuşykdaky çykyşlarda 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi şanly ýylyň buýsançly wakalarynyň birine öwrülendigi guwanç bilen bellenildi.

      Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahsyýetlerimizi sarpalap, edebi mirasymyzy ýaýbaňlandyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, tutumly işleriniň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

 

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA