MAGTYMGULY SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ

      Golaýda TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebinde «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen dabara geçirildi.

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan dabara gatnaşanlar – etrabyň mekdepleriniň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary, okuwçy ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilki bilen, bilim ojagynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan kitap we surat sergilerini synladylar. Dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti hakynda gürrüň edilmegi, şeýle-de dana atamyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň labyzly okalmagy örän täsirli boldy. Okuwçy ýaşlaryň ýerine ýetiren «Berkarar döwlet istärin» atly edebi-çeper kompozisiýasy, joşgunly aýdym-sazlary bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

      Dabara gatnaşanlar beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlaryny öwrenmekde, wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Guwanç ALLABERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA