Ýaňy-ýakynda TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda, şol guramalaryň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň, edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň gatnaşmagynda Änew şäherindäki medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabarada şanly ýylymyzda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän baý many-mazmunly çäreler dogrusynda çykyşlar diňlendi. Çykyş edenler dana şahyrymyzyň döredijiligine belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans-halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny belende göterdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlaryň ýaňlanmagy dabara gatnaşanlaryň şatlygyny has-da goşalandyrdy.
Şirinjemal AMANOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.