Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli şahyryň döredijiliginde waspy ýetirilýän türkmençilik we beýik ahlak häsiýetlerini ýaş nesillere düşündirmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek maksady bilen halypa ýazyjy Orazguly Annaýewiň, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň, şeýle hem Arkadag şäherinde zähmet çekýän, okap bilim alýan döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň gatnaşmagynda «Bagtyýarlyk ylhamy» atly döredijilik duşuşygy hem-de ýylyň döwrebap atlandyrylmagy mynasybetli «Magtymguly – ynsan köňlüniň çyragy» atly brifing duşuşygy ýokary guramaçylykly geçirildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirilen döredijilik duşuşygynda halypalar dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmaty, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goýulýan belent sarpa we ylmy taýdan öwrenilişi, şeýle hem ýaşlaryň döredijiligine ýetirýän täsiri dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň okap beren şygyrlary we halypalaryň maslahatlaryň döredijilik duşuşygynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan brifing duşuşygynda hem ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, sebitde deňi-taýy bolmadyk, «Akylly şäher» konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň aýratynlyklary we ýaşlaryň döredijiligine ýetirýän täsiri, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän türkmençilik ýol-ýörelgeleri, beýik ahlak häsiýetleri hem-de ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Çäreleriň dowamynda çykyş edenleriň her biri şeýle döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.