Garagalpagystanda Magtymgulynyň sözlerine aýdym aýdylman bir dabara hem geçmeýär. Onuň ganatly sözleri bolsa halkyň dilini sadalaşdyryp hem-de baýlaşdyryp, halk arasynda ýaşaýar.
Ybraýym ÝUSUBOW,
Garagalpagystanyň halk ýazyjysy.
Iňlisde meşhur Wilýam Şekspire deňelen ýekeje şahyr bar. Ol – Magtymguly.
Braýan OLDIS,
Iňlis şahyry we terjimeçisi,
Olarda has meşhurlyk gazanan hem-de biri-birinden üzňe, syýasy taýdan baglanşygy bolmadyk ähli türkmen taýpalary üçin deň derejede ähmiýetli hem-de ählihalk şahyry hasaplanýan Magtymguly gökleňlerden bolup, molla-şahyr Döwletmämmet Azadynyň ogludyr. Beýleki türki halklaryň şunuň ýaly ählumumy milli şahyry ýok. Magtymgulynyň şahsyýeti eýýäm rowaýata öwrülip gidipdir.
A. KRYMSKIÝ,
Gündogarşynas, akademik.
Ajaýyp türkmen edebiýatynda diňe Magtymgulynyň adyny tutmaklyk ýeterliklidir.
Ý. OLEŞA,
Rus ýazyjysy,
Magtymguly türkmen poeziýasynyň gymmatbaha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanamyzda, täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhle bilen lowurdaýar.
Ý.BERTELS,
Rus akademigi, alym
Magtymguly meniňem şahyrym, onuň dili meniňem dilim... Men Magtymgulydan köp zatlar öwrenýärin, ol meniň-de ussadym. Ýöne onuň öwredýän bir zadyny aýratyn nygtasym gelýär, ol hem öz halkyň azatlygy üçin göreşmek.
Nazym HIKMET,
Türk şahyry.
Türkmenlerden bolan beýik Magtymguly azerbaýjan halky üçin iň bir eziz senetkärleriň biridir.
Süleýman Rüstem,
Azerbaýjan şahyry.
Magtymgulynyň şygryýeti – şygryýetiň akademiýasy.
Ybraýym ÝUSUBOW,
Garagalpak şahyry.
Beýik Magtymguly adamlaryň sada, ak ýürekli we mähirli gatnaşykda bolmagyny arzuw edipdir. Onuň halk aladasyna ýugrulan lirikasy şu günler hem ýaşaýar we beýik maksada – hemmetaraplaýyn gözel boljak täze adamy terbiýeläp ýetişdirmeklige gulluk edýär.
L. KLIMOWIÇ,
Gündogarşynas alym.
Magtymguly – bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar. Magtymgulynyň sözleriniň biziň günlerimize gelip ýetmegi türkmen halkynyň edermenligidir.
Çingiz AÝTMATOW,
Gyrgyz halk ýazyjysy.
Magtymgulynyň goşgularyny öz dilimize terjime etmek bilen, poeziýa äleminde şeýle ägirt adamyň türkmenleriň arasynda bardygyna göz ýetirdim.
Resul GAMZATOW,
Dagystan halk şahyry.
Altynaý MÄMMETNAZAROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.