SÖZ MÜLKÜNIŇ SOLTANY – MAGTYMGULY PYRAGY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylan 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry hem-de filosofy, türkmen edebiýatynyň kämilleşmegine, türkmen edebi dilini ösdürmekde örän uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döwlet çäreleri dünýä döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýurdumyzda giňden bellenip geçilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat goýup, Şeýle ajaýyp çäreleriň diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de eýsem dünýä ýurtlarynda hem yzygiderli geçirilmegi şahyryň beýikliginiň baş alamatydyr.

      Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgy setirlerine ser salanymyzda hem Magtymguly Pyragynyň beýikliginiň näderejededigine aýdyň göz ýetirmek bolar:

      Onuň kimdigini görjek bolsaňyz,

      Okaberiň ähli ýazanlaryny:

      Kanuna öwrülen setirlerini,

      Kasama öwrülen gazallaryny.

      Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi başaran şahyr. Şeýle edebi mekdebi döreden akyldaryň her setiri ähli halkyň kalbynda müdimilik orun aldy. Dillerimiziň senasyna öwüldi.

      Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ulyny-kiçini sylamak, ata-enä aýal-gyzlara hormat goýmak, çaga terbiýesi, zyýanly gylyk häsiýetlerden gaça durmak, ýaramaz pişeleriň adam saglygyna, durmuşyna edýän täsiri barada örän baý mazmunly pikirleri tutuş halkyň abadançylygyna, saglygyna, agzybirligine gönükdirlendir.

      Nesil hakdaky aladanyň biziň halkymyzda näderejede parz görülýändigini biljek bolsaň, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýazan öwüt-ündew häsiýetli goşgularyny okamak ýeterliklidir.     

      Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň zer ýalkymly döredijiligine gül Diýarymyzda şeýle hem, bütin dünýäde uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde beýik dananyň mertebesi Arşyň deňine ýetendigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

      Türmeniň beýik şahsyýetlerini dünýä tanadýan, bi ýaşlara okamaga, tutanýerli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!

      Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Nurýagdy NAZARGYLYJOW,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň

88-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER