OKAP MAGTYMGULYNY

Her bir sözi-setiri ýolumyza ýörelge,

Oňa hormat goýmakda Arkadagdyr görelde,

Magtymgulyň diwany her  türkmeniň töründe,

Okap Magtymgulyny kalbym heýjana gelýär.

 

Magtymgulyň diwany müňläp miweli bagdyr,

Kalby päk türkmen üçin ýagty saçýan çyragdyr,

Söz mülkünden senaly,başy penaly dagdyr,

Okap Magtymgulyny kalbym heýjana gelýär.

 

Il halkyna söýgüsi gursagynda joşup dur,

Hormaty Hazar, Jeýhun,Köpetdagdan aşyp dur,

Bu gün türkmen toý tutýar,palaw, kebap bişip dur,

Okap Magtymgulyny kalbym heýjana gelýär.

 

Ýowuz döwrüň esgeri, söz bilen ýow gaýtaran,

Halk sözüni sünnäläp, halka berdi gaýtadan,

Taraşlady, nakyla öwrüldi her aýdany,

Okap Magtymgulyny kalbym heýjana gelýär.

 

Ýörelmedik ýollary şa ýoluna öwürdi,

Asgynjaňlyk çekmedi, öňde boldy döwürden,

Ýalňyz wagtyň ýoldaşdyr, söhbetdeşdir-höwürdir,

Okap Magtymgulyny kalbym heýjana gelýär.

 

Söz hikmetin saklady,berdi dile şiräni,

Syýahatda saparda gezdi Hywa, Eýrany

Egsilmejek hazyna bize goýan mirasy,

Okap Magtymgulyny kalbym heýjana gelýär.

 

Okap Magtymgulyny, gursagyňy päklärsiň,

Watan mertebesini görejiň deý saklarsyň,

Ogul hem ata bolup,öz borjuňy haklarsyň.

Okap Magtymgulyny kalbym heýjana gelýär.

 

Uýsaň parasadyna, azaşdyrmaz durmuşda,

Söz şalygna erk edip, belent bina gurmuşdyr,

Şygyýetiň başynda şa täjini geýmişdir,

Okap Magtymgulyny kalbym heýjana gelýär.

 

Milli Lider Arkadag dowamat dowam berdi,

Akyldary hormatlap, Heýkel-ymarat gurdy,

Üç ýüz ýyllyk toýuna, şanly badalga berdi,

Okap Magtymgulyny kalbym heýjana gelýär.

 

Allaberdi PAŞŞYKOW,

Tejen etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER