Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Beýik Pyragynyň döredijiligi, hakykatdan-da, bir umman. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni-bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni has-da beýgeltdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döreden şirin şygry türkmen halkymyza, ilkinji nobatda, milli edebiýatymyza ýapylan uly serpaý boldy. «Köpetdagyň eteginde galdy bu gün ör boýuna, Onuň Aly jenaby Magtymguly Pyragy» diýip belläp geçmegi Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Gahryman Arkadagymyz öz şygrynda Magtymguly atamyza «Onuň Aly jenaby» diýip ýüzlenmek bilen, şahyryň mertebesini ýene-de bir gezek belende göterýär, ony ähli köňülleriň, şygryýet dünýäsiniň hökmürowany hökmünde sarpalaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgynyň her bir sözünde, setirinde örän çuňňur many bar.
Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şunuň ýaly belent derejede tutulmagy mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik akyldaryň döredijiligine iňňän ýokary baha berýändigi bilen berk baglanşyklydyr. Çünki mähriban halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar.
Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan türkmen alymlarynyň Magtymguly Pyragy baradaky pikirlerine giň ýol açan alym Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.