Magtymguly Pyragynyň şahyrana owazy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda daglardan eşidilýän ýaň bolup, älem-jahana ýaýraýar. Bosagasyndan ätlän ýylymyzyň adyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi bolsa muňa aýdyň mysal bolup durýar. Ýurdumyzda Magtymgulynyň ömür beýanyny, edebi mirasyny älem-jahana wagyz etmekde has oňaýly şertleriň dörändigini aýtmak gerek.
Şahyryň ömür döredijiligi barada aýdylanda ol gökleň türkmenlerinden bolup, takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir. Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: «Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir» - diýip belläp geçýär. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän Idris baba medresesinde okuwyny dowam etdirýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buharanyň Gögeldaş atly medresesine okuwa gidýär we iki ýyl okaýar. Şahyr şol medresede ders berýän siriýaly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Ýöne käbir sebäplere görä bu medresäni taşlap gitmeli bolýar. Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «Şirgazy» medresesinde alýar. Ol «Şirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar. Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Magtymguly, takmynan, 1807-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda «Garry molla» (Eýranda) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.
Ýylymyzyň adyndan belli bolşy ýaly şu ýyl hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny uly dabaralara besläp belläp geçeris. Akyldar şahyrymyzy sarpalamak,onuň mertebesini belentde tutmak, bu babatdaky işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça hem degişli işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi akyldaryň bütin adamzadyň genji hazynasyna öwrülen baý medeni mirasyny we bu şanly senäni dabaralandyrmakda möhüm ähmiýetli waka boldy. Pederlerimizi arşa göterip türkmen halkyna, ýaşlara ýol görkezip, görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Azat AMANOW,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.