KÖŇÜLLERIŇ SENA EÝLÄN DESSANY

      Pähim-paýhasyň eleginden geçip, asyrlar boýy türkmen we dünýä halklarynyň kalbynda baky ýer alan Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerini näçe taryplasaň-da bärden gaýdýar. Öňden görüji şahyryň ölmez-ýitmez edebi mirasy entek müňlerçe ýyllaryň dowamynda şeýle gadyr-gymmatyny ýitirmän ýaşar. Çünki akyldar şahyryň döreden şygryýet dünýäsi syrly dünýä, her bir goşgusyna näçe çuň aralaşdygyňça manysyny tirmeli hekaýatlar şonça-da artmak bilen. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Edebiýat äleminde hem munuň şeýledigi suratlandyrylýar. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda akyldar şahyryň kitabynyň bir düýe bilen bahalanmagy munuň aýdyň delilidir. Dana şahyryň ýiti zehininden kemal tapan goşgularynda türkmen halkynyň milliligi şöhlelenýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda Gündogaryň, şol sanda türkmen halkynyň nusgawy eserleriniň, olardaky halk arasynda taryplanýan gahrymanlaryň atlary ýygy-ýygydan ulanylýar. Olaryň waspy ýokary derejede beýan edilýär we şol goşgularyň kömegi bilen meşhur edebi eserleriň we olaryň gahrymanlarynyň atlary dilden-dile geçip, baky ýaşaýar. Şeýle setirlere şu aşakdakylary mysal hökmünde görkezmek bolar:

 

Ylýas kimin ebr çöken suwlarda,

Kowus kimin duman düşen daglarda,

Gençli şäher, Hydyr gezen çöllerde

Kadyr beren dünýä maly siziňdir.

Ýa-da:

Okap bildim Sagdynyň men «Bossanny»,

Gör, ne ajap Hakanynyň «Mediany»,

Istärmen «Şanama», «Sakynamany»,

Halyf Omar bilen Süleýman bolsam.

 

      Şeýle hem akyldar şahyryň «Söýmüşem seni» atly goşgusynda halk dessanlarynyň gahrymanlarynyň aglabasynyň atlaryny:

      — ...Mejnun Leýli perizady...; Aşyk Perhat ol Şirini...; Seýpelmelek Mahjemaly...; Ýemende Warka Gulşany...; Aşyk Nowruz, Gül-Ferhary...; Bir-birini Wamyk, Uzra..., Aryzda Ganbar Arzyny...; Misli ol Tahyr Zöhräni..., Aşyk Garyp Şasenemi // Söýen dek söýmüşem seni — diýip beýan edýär.

      Şahyr şeýle goşgy setirleriniň üsti bilen ady agzalan gahrymanlary söýginiň belent nusgasy hökmünde şöhlelendirýär.

      Akyldar şahyr özüniň ajaýyp döredijiligi bilen türkmen halkynyň milliligini has-da dabaralandyran ussatdyr. Şol sebäpli-de häzirki wagtda diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde hem akyldar şahyryň döredijiligine çuňňur sarpa goýulýar. Onuň ölmez-ýitmez setirleri dilleriň, köňülleriň kelamyna öwrüldi.

 

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER