GÖKDEPE ETRABYNDA TÄZE DESGA AÇYLYP, ULANMAGA BERILDI

       Şu gün — 28-nji fewralda Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň çäginde lagym arassalaýjy desganyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabara Ahal welaýatynyň dürli ýaşdaky we kärdäki raýatlary bilen bir hatarda, TMÝG-niň Ahal welaýat we etrap Geňeşleriniň işgärleridir işjeň agzalary egsilmez hyjuw bilen gatnaşdylar.

       Dabarada gutlag sözleri aýdyldy, aýdym-sazlar diňlendi, täze desganyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçy-hünärmenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze desganyň toý bagynyň uly ruhubelentlikde kesilmegi bilen dabara gatnaşyjy myhmanlar onuň çägindäki binalara aýlanyp, giň mümkinçilikleri we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar.

       Kuwwatlygy bir gije-gündizde 20 müň kubmetr bolan lagym arassalaýjy desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurlan täze desga ýaşaýyş jaýlaryndan akyp gelýän lagym suwlaryny ýygnap, degişli talaplara laýyklykda arassalamaga we oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga mümkinçilik berer. Dabara gatnaşyjylar lagym arassalaýjy täze desgany gurduran hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Merdanaly ORAZBERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA