ÝAŞLAR MILLI «AK BUGDAÝ» MUZEÝINE SYÝAHAT ETDILER

       Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň 2024-nji  ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli etrabyň çäginde baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine «Änew — taryhy asyrlara uzaýan mekan» ady bilen TMÝG-niň etrap Geňeşiniň, etrap Polisiýa we bilim bölümleriniň, agzalan muzeýiniň bilelikde guramagynda bolan syýahat hem täsirli çäreleriň biri hökmünde oňa gatnaşan mekdep okuwçylarynda we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlarda ýakymly täsirleri döretdi.

       Muzeýiň hünärmenleriniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy künjeklerden, şol sanda gadymy Änewiň taryhy depelerinden, medeni-arheologiýa ýadygärliklerden ýüze çykarylan eksponatlar hakdaky gürrüňlerini ýaşlar uly gyzyklanma bilen diňlediler. Syýahata gatnaşanlaryň muzeýiň etnografiýa, oba hojalyk we ekerançylyk bölümlerinde sergilenen gymmatlyklara hem gyzyklanmasy ýokary boldy. Bu syýahat ýaşlaryň baý taryhymyza buýsanjyny goşalandyrdy.

 

Maýsa MYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA