Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry egsilmez ruhubelentlige beslendi. Etrabyň umumybilim berýän mekdeplerinde bilim alýan 2 — 4-nji synp okuwçy gyzlar öz çykyşlarynda ata Watanymyzyň şan-şöhratly ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik maksatly işlerini özleriniň aýdymdyr goşgularynda uly buýsanç bilen wasp etdiler, bäsleşigiň beýleki şertlerini hem ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň şertleri esasyndaky göwün göteriji, joşgunly çykyşlar enaýyja gyzgajazlaryň oňa ykjam taýýarlyklar bilen gelendigini äşgär edip, zehinliden zehinlini kesgitlemäge mümkinçilik döretdi. Şeýlelikde, etrabyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Ogulhajat Rejepowa birinji, 24-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mähriban Rozmämmedowa ikinji, 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Merjen Çaryýewa üçünji orna mynasyp bolup, TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.
Rejepnur ATAÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.