TEJENLI EÝJEJIK GYZJAGAZLAR BÄSLEŞDILER

      Tejen etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinden şadyýan gyzjagazlar çäksiz höwes we hyjuw bilen gatnaşyp, onuň şertleri esasyndaky çykyşlary bilen zehin-başarnygyny görkezdiler.

      Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň etrap tapgyry şadyýanlyga beslendi.

      Bäsleşigiň netijesinde etrabyň 30-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Jennet Ýusubowa Jennet birinji, 40-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Näzli Amangeldiýewa ikinji orna mynasyp bolup, onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan eýjejik gyzjagazlara hem-de bäsleşige gatnaşan beýleki gyzjagazlara TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA