Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda Tejen şäherinde ýerleşýän «Arzuw» toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynda, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda, toý saçagynyň giňden ýazylmagynda geçen dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdyldy, belent ruhly sungat çykyşlaryna uly orun berildi. Etrabyň medeniýet-sungat işgärleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy, belent owazly aýdymlary, joşgunly tanslary, wäşileriň degişme sahnalary dabara gatnaşyjylaryň göwünlerine ganat berdi.
Joşguna beslenen dabaranyň dowamynda mährem enelere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gül desseleri we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşleriň belentliklerine ýetiren, halkymyzy baky bagtyýarlygy bagyş eden hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.