ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ AHAL WELAÝATYNYŇ GÖKDEPE ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

       Ýakynda Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap tapgyry geçirilip, oňa etrabymyzyň orta mekdepleriniň 42-sinden gelen eýjejik gyzjagazlar uly hyjuw bilen gatnaşdylar.

       Bäsleşigiň dowamynda şadyýanja gyzjagazlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz  Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekde, milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyryna sözler bilen wasp etmekde, şeýle-de ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

       Gyzykly we joşgunly geçen bäsleşikde birinji orna etrabymyzyň 30-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýmelek Rejepgeldiýewa, ikinji orna 32-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Söýli Gurbangeldiýewa mynasyp bolup, onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň etrap Geňeşiniň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary, beýleki eýjejik gyzjagazlara höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Baýramgeldi BABAÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA