KALPLARY BUÝSANÇDAN DOLY HALYÇYLAR

      Golaýda Ahal welaýatynyň Bäherden etrap çeper halyçylyk kärhanasynda birnäçe ýyl bäri zähmet çekýän ussat, halypa enelerimizi şeýle hem, ýaş halyçy gelin-gyzlary ýetip gelen Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlamak, olaryň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Miras» teleýaýlymynyň agzybir döredijilik topary baýramçylyk ýazgysyny ýokary guramaçylykly geçirdi. Çärede mährem eneler we gelin-gyzlar türkmeniň buýsanjy bolan nepis halylarymyz, olaryň dokalyşy barada özleriniň baý tejribesine esaslanyp täsirli gürrüň berdiler. Baýramçylyk ruhuna beslenen dabarada oňa gatnaşanlara TMÝG-niň Merkezi Geňeşi tarapyndan gül çemenleri we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýurdumyzda zenanlary sarpalap, olara döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan alkyşlar bolsa her bir halyçylaryň ýürek senasyna öwrüldi.

Jemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar»

elektron žurnalynyň bölüm redaktory.

Meňzeş habarlar

04 Awgust 2025 | 50 okalan

TOMUSYŇ AJAÝYP TAGAMY

01 Awgust 2025 | 302 okalan

ÝAŞLAR SYÝASATY — ÖSÜŞIŇ ÖZENI

01 Awgust 2025 | 200 okalan

TURŞY, ÝÖNE PEÝDALY MIWE