«IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ — 2024» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ AHAL WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI

      Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň 2 — 4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi.

      Şadyýan bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etraplardan öňe saýlanan enaýyja gyzjagazlar gatnaşyp, özleriniň joşgunly çykyşlary bilen toý ruhunda bezelen owadan sahnada ukyp-başarnygyny görkezdiler hem-de bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Okuwçy gyzjagazlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan söýgüsini, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş-hoşallyklaryny, ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy şirin owazly aýdym-sazlarynda wasp etdiler, şeýle-de türkmen milli lybaslaryny mahabatlandyrmakda, ene-mamalarymyzdan  nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler.

      Çagalaryň sungat baýramçylygyna öwrülen şadyýan bäsleşigiň emin agzalary çykyşlaryň her birine mynasyp baha berip, ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan  bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyrynda Gökdepe etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýmelek Rejepgeldiýewa birinji, Babadaýhan etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Dürdäne Aşyrmuhamedowa ikinji orna mynasyp bolup, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýörite sowgatlary, oňa gatnaşan beýleki gyzjagazlara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

Rüstem MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

04 Mart 2025 | 11 okalan

SAGDYN MAŞGALA — SAGDYN NESIL

04 Mart 2025 | 15 okalan

EÝJEJIK GYZLAR BÄSLEŞDI