Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara welaýatyň dürli ýerlerinden gelen zenanlar, Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Naz-nygmatly toý saçagynyň giňden ýazylmagynda geçirilen dabarada aýdylan gutlag sözlerinde ýurdumyzda zenanlaryň eşretli döwrüň hözirini görüp ýaşamaklary, netijeli zähmet çekmekleri, nesil terbiýelemekleri, ýaş gyzlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri hakda edilýän aladalar barada durlup geçildi hem-de bu ugurdaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.
Giň toý zalyndaky owadan sahnany bezän milli ruhly aýdym-sazlarda, tans we halk döredijilik çykyşlarynda günsaýyn özgerýän berkarar Watanymyzyň, eşretli döwrümiziň, bagtyýar zenanlaryň, päk söýginiň wasp edilmegi ol ýere ýygnananlaryň kalbyny heýjana getirdi. Dabaranyň dowamynda önümçiligiň dürli ugurlarynda tapawutlanyp zähmet çekýän gelin-gyzlara, şeýle-de mährem enelere jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy zenanlaryň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Annamuhammet GULOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.