Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, medeniýet bölümi we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda welaýatyň Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Çykyşlarda ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden dabaralandyrylmagynyň ähmiýeti, zenanlara goýulýan hormat-sarpa, zenanlaryň jemgyýetimizdäki orny barada täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşyjylar gelin-gyzlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlarydyr degişme sahnalary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabaranyň ahyrynda öňdebaryjy zenanlara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.