BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR NESILLERI

      Ýakynda şeýle at bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiniň sport zalynda 2008 — 2010-nji ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

      Mekdep okuwçylaryny sporta giňden çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, sport ussatlygyny ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşyp, ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli duşuşyklara baý bolan ýaryşyň netijesinde okuwçy oglanlaryň arasynda etrabyň 1-nji orta mekdebiniň topary birinji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiniň topary ikinji, 16-njy orta mekdebiniň topary üçünji orna, okuwçy gyzlaryň arasynda 16-njy orta mekdebiniň topary birinji, 1-nji orta mekdebiniň topary ikinji, ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiniň topary bolsa, üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijiler ýaryşyň guramaçylary tarapyndan sylaglandy.

 

Rejepgeldi ATAJANOW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA