Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine «Gadymy medeniýetiň ojagy» ady bilen syýahat çäresi guraldy.
Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary synp mekdep okuwçylarynyň, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleriniň işjeňlikde gatnaşmagynda bolan syýahat mahalynda muzeýde saklanýan gymmatlyklar bilen tanyşmak diýseň ýakymly we täsirli boldy. Muzeýiň hünärmenleri şol gymmatlyklaryň we tapyndylaryň taryhy barada gürrüň berdiler. Gadymy Änewiň taryhy depelerinden, medeni-arheologiýa ýadygärliklerden ýüze çykarylan tapyndylar dogrusyndaky gürrüňler has-da uly täsirleri döretdi.
Muzeýde saklanýan gymmatlyklardyr maglumatlar bilen tanyşan ildeşlerimiz türkmen topragynyň baý taryhyny öwrenmäge, muzeý işini kämilleşdirmäge edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Mähri GURDOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.