ÝYLADYŞHANADA GEÇEN DUŞUŞYK

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň bilelikde guramagynda etrabyň çägindäki «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Iş üstündäki duşuşykda zähmetkeşleriň armasy ýetirilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän wakalar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, Watanymyzda bereket-bolçulygyny pugtalandyrmak babatda edilýän tagallalar, bu ugurdaky işlerde hususy pudagyň wekilleriniň işjeňligi dogrusynda gürrüň edildi. Onuň barşynda ýyladyşhanada pomidoryň bol hasylyny kemala getirmek we ýetişdirilen hasyly ýygnap almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýän gelin-gyzlar özleri üçin döredilen şertlerdir mümkinçilikler barada täsirli gürrüň berdiler, şeýle-de Watanymyzy bolçulygyň mekanyna öwürmekde edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

     Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýyladyşhananyň işçi-hünärmenlerine asylly işlerinde üstünlik arzuw etdiler. 

 

Merdan ÇARYÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 25 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA