Ýakynda şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada etrap Medeniýet bölüminiň şirin owazly bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň, türkmeniň milli el işleriniň sergileri hem guraldy. Nowruz baýramynyň esasy tagamy bolan semeniniň taryhy barada ýaşlara täsirli gürrüňler berildi. Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, janlarynyň sag bolmagyny arzuw etdiler.
Enebaý GELDIMYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.