SITRUS MIWELERINIŇ SAGLYGA PEÝDASY

      Düzüminde ynsan saglygyna peýdaly bolan köp sanly ýokumlary saklaýan sitrus miwelerine köp isleg bildirilýär. Olaryň düzümindäki C ýokumy dine bir immun ulgamyny berkitmän,eýsem, beden öýjüklerini daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerinden goraýar we wagtyndan öň garramagynyň öňüni alýar. Şeýle-de olaryň düzüminde köp mukdarda B ýokumy bar. Bu bolsa ukusyzlygyň öňüni alýar, deriniň, saçyň saglygyny berkidýär. Mundan başga-da bu peýdaly miweler adamyň hemişe keýpi çag bolmagyna ýardam edýär. Miweleriň düzümindäki fitonsidler bolsa mörjewleriň hem-de zyýanly kömelekleriň köpelmeginiň öňüni alýar. Mysal üçin, limon dümew keselini bejermekde we öňüni almakda iň köp ulanylýan miwe bolup, askorbin turşusyna baýdyr. Bu miwäniň işdä açyjy, bedenden zäherli maddalary çykaryjy, madda çalşygyny güýçlendiriji täsiri bar. Ary baly bilen bilelikde ulanylanda, limonyň bejerijilik täsiri has-da artýar. Pyrtykal ýokumlara iň baý sitrus miwesidir. Ol düzüminde askorbin turşusyny, minerallary, flawonoidleri, fitoelementleri saklaýar. Ondaky A ýokumy gözüň görejine we derä gowy täsir edýär. Pyrtykal düzüminde saklanýan pektiniň hasabyna iýmit siňdiriş ulgamyna, şekeriň hasabyna bolsa kelle beýnisiniň işine öz oňaýly täsirini ýetirýär. Greýpfrutyň berhizlik häsiýeti bolup, düzüminde C, D, PP ýokumlary saklaýar. Ol bedendäki artykmaç ýaglaryň harçlanmagyna itergi berýär. Şeýle-de ol merkezi degna ulgamynyň işini kadalaşdyryp, onuň şiresi deriňi agardýar we owadanlyk berýär.

 

Atajan JORAÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Indiki makala

SÖÝGINIŇ SARPASY

Meňzeş habarlar