SÖÝGINIŇ SARPASY

     Bazara çykmak üçin öýden çykan bir aýal maşgala gapysynyň garşysynda oturan üç sany ak sakally ýaşulyny görüp sägindi, soňra uly hormat bilen olary öýüne myhmançylyga çagyrdy. Gojalaryň biri gelinden adamsynyň öýde barlygyny ýa ýoklygyny sorady. Geliniň adamsynyň öýde däldigini eşiden gojalar ol öýe girip bilmejekdiklerini aýtdylar.

     Agşam naharynda maşgala agzalary saçagyň başyna üýşenlerinde bu bolup geçen wakany aýaly adamsyna gürrüň berdi. Bu hadysa gynanan adamsy maşgalasy bilen birlikde ol ýaşulylary myhmançylyga çagyrmagy göwne makul bilýär. Agzybir maşgala ýene bir ýola daş işikde oturan aksakal gojalary öýlerine uly hormat bilen myhmançylyga çagyrýarlar. Bu çakylyga ýaşulylaryň biri: “Biz hiç bir öýe üçimiz birlikde giremizok, sag tarapymda oturan gardaşymyň ady baýlyk, çep tarapymda oturan gardaşymyň ady üstünlik meniň adym bolsa söýgi. Siz biziň haýsymyzy öýüňize myhman almak isleýärsiňiz?” diýip, garaşylmadyk sowal bilen ýüzlenýär. Bu sowalyň jogabyny maslahat eden maşgala agzalary aýgytly äheňde söýgini myhman almak isleýändiklerini aýdanlarynda: “Eger içimizden diňe baýlygy ýa üstünligi saýlan bolsaňyz, beýleki ikimiz daşarda garaşyp durardyk, emma siz söýgini saýladyňyz, söýginiň bar ýerinde bolsa üstünligem, baýlygam hemişelik orun alar” diýipi bu maşgala müdimilik myhman bolupdyrlar.

Taýýarlan: Merjen NURMUHAMMEDOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar