ZEMINIŇ GÖRKI ZENANLAR

      Her bir işde nusgalyk halypamyz bolan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zenanlara aýratyn sarpa goýulýar. Ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagany dünýä indiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, önümçiligiň dürli pudaklarynda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamagy, ýaş enelere durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi, ähli gelin-gyzlara, enelere pul sowgadynyň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

      Bir akyldaryň «Haýsy ýurduň eneleri ýylgyrýan bolsa, şol ýurt iň bagtyýar ýurtdyr» diýip belleýşi ýaly, Türkmenistan döwletimiz hem eneleriň, gelin-gyzlaryň ýylgyrýan, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdydyr.

      Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ähli zenanlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabarada bahar paslyna, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy bilen sazlaşýan mährem zenanlara bagyşlanan ajaýyp baýramçylyk çykyşlary çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

      Mähriban zenanlarymyza, enelerimize, baýdak ýaly gelinlerimize hormat, sarpa goýýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar