Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zenanlaryň, gyz-gelinleriň sarpasy has-da belende göterildi. Edep-ekramly, asylly türkmen zenanlary terbiýäniň mekdebi hasaplanýar. Olar milletimiziň mertebe tugudyr, toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Owadan bahar paslynyň ilkinji günlerinde Halkara Zenanlar güniniň bellenilmegi aýal-gyzlara goýulýan sarpanyň beýikdigini aýdyň beýan edýär. Bu baýramçylygyň bellenilýän günlerinde gözel ülkämizde şatlyk-şowhuna beslenen dürli çäreler geçirilýär. Baýramçylygyň öňüsyrasynda zenanlara Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary hem dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Şeýle dabaralaryň biri biziň bilim ojagymyz bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem ýokary guramaçylykly geçirildi. Institutymyzda zähmet çekýän zenanlar, bilim alýan dilçi talyp gyzlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk sowgatlaryny uly buýsanç bilen ýüzlerine sylyp aldylar. Dabaranyň dowamynda ýaňlanan “Altyn miras” medeni merkeziniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň waspy belentden ýaňlandy. Dabara gatnaşyjylar agzybir türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Yhlas NAZARGYLYJOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň talyby.