ÝAŞ TÜRKMEN ZENANLARY - BERKARAR DÖWLETIŇ MERTEBE TUGY

     Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar zenanlaryň arasynda, bäsleşik geçirildi. Oňa ýurdumyzyň çar künjeklerinden, etrap-şäher we welaýat tapgyrlarynda öňe saýlanan 18 – 35 ýaşa çenli dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

     Bäsleşige gatnaşyjylar 3 şert boýunça, ýagny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyna sowgat eden “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyndan parçalary labyzly, owadan we kalbyňa ornar ýaly ýatdan aýtmak, amaly-haşam sungatyny, däp-dessurlary, çeper el hünärini, milli keşdeçilik, halyçylyk sungatlaryny kämil derejede ösdürmekde, gadymy keşdeçilik mirasymyzyň ýiten nusgalaryny dikeltmekde, iň ajaýyp görnüşlerini ýüze çykarmakda, ýaýratmakda we nesilde-nesle geçmekde hem-de ony giňden wagyz etmekde maşgalanyň, zenanlaryň orny barada anyk mysallar bilen gürrüň bermek, hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň şanyna toý tutmak, kitap barada, kitabyň özlerinde galdyran täsirleri barada dabaraly wasp etmek, öz ukybyňa laýyklykda, kitaba bagyşlanan aýdymyň, dessanyň, goşgynyň we gazalyň üsti bilen buýsançlaryny täsirli beýan etmek şertleri boýunça bäsleşdiler.

     Bu bäsleşige Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Aýna Berdiýewa hem gatnaşdy. Ol özüniň täsirli çykyşlary, ýiti zehini bilen tapawutlanyp, bäsleşigiň jemleýji – döwlet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip, yglan edildi.

     Biz hem öz gezegimizde Aýnany gazanan ýeňşi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlamak bilen, oňa şeýle ýeňişleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris !

     Bize şeýle eşretli zamanany peşgeş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

 

Gülşirin GAÝYPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar