Eziz Diýarymyzda durmuşymyzyň bezegi bolan gyz-gelinlere belent sarpa goýulýar. Her ýylyň 8-nji martynda ýurdumyzda Halkara Zenanlar güni giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň sahawatly çözgüdi bilen, her ýylyň şu ajaýyp baýramynda körpeje gyzjagazlardan başlap, kümüş saçly enelerimize çenli baýramçylyk mynasybetli, pul sowgatlarynyň gowşurylmagy zenanlaryň sarpasynyň näderejede belentdiginiň hakyky durmuş mysalyny açyp görkezýär. Baharyň ilkinji günlerinde, Halkara Zenanlar güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pul sowgadyny almak biziň üçin diýseň ýakymly boldy. Esasan hem, baýramçylyk sowgady gowşurylýan gyzlaryň hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdyşyny synlamak juda ýakymly.
Biz – zenanlar hemişe-de hormatly Prezidentimiziň özümiz üçin edýän çäksiz aladalaryny duýup, şol aladalaryň eçilýän miweleriniň gurşawynda ýaşaýarys. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň uly toparyna ýylyň-ýylyna Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň dakylmagy, jemgyýetçilik durmuşynda, halal hem tutanýerli zähmetde tapawutlanan, Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge mynasyp goşant goşan eneleriň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanylmagy gyz-gelinleriň, mähriban eneleriň hormat-sarpasyny artdyrýar, mertebesini beýgeldýär.
Özleri hakynda edilýän aladalary kalby bilen duýup, maşgala mukaddesligini goramakda, asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillere öwretmekde, her bir ugurda gazanylýan üstünliklere goşant goşmakda ýokary işjeňlik görkezýän gelin-gyzlarymyzy, mähriban enelerimizi Halkara zenanlar güni bilen, tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimizde mähriban enelerimize, gyz-gelinlerimize uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn!
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.