ZEMINIŇ GÜL LÄLESI, MÄHREM GÖZELLER

      Ülkämize eneleriň göwni ýaly ýaz pasly geldi. Pasyllaryň owadany ajaýyp baharyň ilkinji günlerinde Halkara zenanlar gününiň toýlanylmagynda uly many bar. Parasatly ata-babalarymyz zenanlaryň durmuşdaky ornuna mukaddeslik hökmünde gadyr-gymmat goýupdyrlar. Çünki zenanlar öý-ojagyň diregi. Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriň biridir. Maşgala ojaklaryň daýanjy, öýleriň ýaraşygy bolan zenanlar bu günki gün türkmen jemgyýetinde iň sylanýan, arzylanýan adamlardyr. Halkara zenanlar gününiň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi, zähmetde tapawutlanan zenanlara «Zenan kalby» ordeniniň, sekiz we ondan köp çagany dünýä getirip, terbiýeläp ýetişdiren enelerimize «Ene mähri» hormatly adynyň dakylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başgada asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň hem ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryna, mährem enelere gowşurylmagy ýurdumyzda zenan mertebesiniň näderejede belent tutulýandygyna güwä geçýär.

      Türkmen zenanlarynyň abadan durmuşyny üpjün etmek, olaryň ähli pudaklarda zähmet çekmekleri, şeýle hem sagdyn bedenli, kämil aň-düşünjeli nesilleri kemala getirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar