«Zeminde we siziň özüňizde ýüz beren her bir bela-beter, size inmezinden owal Kitapda ýazylandyr». Galamyň syýasy gurady, sahypalar agdaryldy, iş bitdi, her kimiň rysgy-rozy, ömri-durmuşy ýazyldy. «Aýt: Allanyň ýazanyndan başga zat alnymyza gelmez». Saňa sataşan zat, azaşyp ýa çawyp düşen däldir. Haýsydyr bir zadyň ýalňyşyp saňa inmäge haky ýokdur. Şu mäkäm ynanç-akyda ýüregiňde ornasa, ynsap-wyždanyňda berkese (karar tutsa), belalar peşgeşe, kynçylyklar serpaýa öwrüler. Durmuşda bolup geçýän her bir waka-hadysa seniň döşüňe dakylýan orden-medaldyr. «Alla kime ýagşylyk etse, ony taplamak hem-de has gowy günlere taýýarlamak üçin kynçylyklara duçar eder». Şonuň üçin agyry-dert, biynjalyk we kesel ýa-da ýakynlaryňdan biriniň ýogalandygy üçin ýa-da maliýe ýitgileri ýa-da ýangyna uçran emläkleriň üçin çuňňur hasrata batyp oturmagyn. Bu zatlaryň ählisini Allatagala owal anyk kesgitledi – takdyr etdi. Durmuşda diňe hökman bolaýmaly zatlar bolar. Ezelde düwlen ýazgyt daňylary durmuşda çözüldi – bolmaly zatlar bolmalysyna laýyk ýüze çykdy. Hiç zat bize bagly däl ýaly görünse-de, biz, ynsanlar, öňümizde keseren zatlaryň, ýagdaýlaryň, mümkinçilikleriň has gowusyny, haýyrlysyny, sogaplysyny saýlamaga ymtylmalydyrys. Ähli gowy zatlar, haýyr-yhsanlar Allanyň elinde. Kötel-kynçylyklara, agyr günlere we çökder ýagdaýlara sabyr etsek, munuň üçin Perwerdigäriň berjek bihasap sogaby-peşgeşi bar, üstesine günälerden hem ýülünip bolýar. Başy derde sataşan adamlara mübärek bolsun – olaryň Allanyň razylygy üçin bu zatlara edýän sabry hergiz boş goýulmaz. Alýan hem, berýän hem, saklaýan hem, goýberýän hem Alladyr. Ähli zat diňe Allanyň elindedir. Takdyra ynanyp, ýazgyda ymykly bil baglaýançaň, seniň degnalaryň (nerwileriň) köşeşmez we nebis bilbilleriň ynjalyk tapmaz. Saňa gabat gelmeli zatlar hökman sataşar, sen munuň üçin özüňi hasrata gark etme. «Ýazgyt galamy gurady», ol indi owalky ýazgydy üýtgedip bilmez. Ýykylyp barýan diwary duruzmak, akyp duran suwuň öňüni beklemek, ösüp duran ýeliň ugruny bökdemek (ýeli öwüsmekden saklamak), aýnany döwülmekden saklamak elimden gelýär diýseň, örän ýalňyşarsyň. Bu zatlar, seniň-meniň islegime garamazdan, dogry däldir. Takdyr edilen muňa hökman uçrar, kaza oky durmuş meýdanyndan parran geçer, ýazgyt bolmalysy ýaly ýüze çykar «Islänler ynansyn, islänler ynanmasyn» («Hala ynanyň, hala ynanmaň»).Agy-eňrew, ýazgaryş, taňrygarganlyk esgerleriniň otly çirtmegi boýnuňdan ilmänkä, takdyra boýun bol. Ökünç silleri degre-daşyňy doldurmanka, ýazgydy boýun al. Onda, dürli sebäplere daýanyp, ýüzlerçe hileleri, ýollary ulanybam, ýene-de halamadyk zadyňa uçrasaň, bil, bu gutulgysyz ýazgytdyr, hökman bolaýmaly zatdyr, onsoňam hiç haçan «eger şeýden bolsam, şeýle-şeýle bolardy» diýmegin. Gaýta «Allanyň takdyr edenidir. Alla nämäni halasa, şol hem bolar» diýgin.
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,
«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.