Gözel amal öz ady ýaly gözel, ýagşylyk öz däbi ýaly ýagşy, haýyr iş öz tagamy ýaly haýyrly. Özgeleri bagtly edip, özgeleri begendirmekden lezzet alýan ynsanlar bagtyň tagamly miwesini ilki dadýan adamlardyr. Olar eden haýyrly işleriniň hasylyny ir-u-giç öz köňüllerinde, ahlaklarynda, wyždanlarynda taparlar we ýüreklerine ornan giňligi, ýazylganlygy, asudalygy hem-de rahatlygy duýarlar. Eger bir alada daşyňy gaplap alsa, bir mesele başyňa birahatlyk berse, kimdir birine ýagşylyk et, göwnüni göter – hökman şatlyga we rahatlyga gowşarsyň. Mätäç-mahruma eliňden gelenini eçil, nähak daralana üstün çykmaga kömek et, gaýgylynyň derdini egis, ajy doýur, hassanyň halyny sora, argynlara daýanç bol – çar ýany bagt bilen gurşalan döwrana çümersiň, öňüňden-yzyňdan boýuňa barabar döwletlilik taparsyň. Haýyr iş hoşboý ysly atyr ýalydyr: ony göterýänem, satýanam, satyn alýanam bähbit tapýar. Ýürekden edilen ýagşylyklar bereketi bol dermanlyk otdur. Bu melhem oty haýyr-yhsandan bina bolan dermanhana kibi ýüreklerde bitýändir. Bir çümmüjek göwni bar adamlara ýylgyryp habar gatmak, güler ýüzlülik bilen gürleşmek, gymmatlyklar äleminde sogaby artyp duran sadakadyr. Ýatla: «Doganyňa açyk ýüz bilen baksaň bolmaýarmy?» diýilýär. Gyňyr ýüzlülik bolsa özgelere ýowuz urşy yglan eden ýalydyr. Onuň getirýän zelelini Alladan başga kesgitläp bilýän ýok. Bir itiň bozuk gyzyň aýasyndan suw içmegi, ol gyza meý-dany asman-zeminden giň bolan jennetlere girmek nesibesini (mümkinçiligini) berdi. Çünki sogabyň sahyby – Beýik Alladyr, ol Bagyşlaýjydyr we Geçirimlidir. Şükürlidir we Gözeldir, her bir gözelligi hem gowy görýändir, Ol baýdyr we öwgülidir.Şowsuzlyk garabasmasy, geljegiň näbellilik gorkusy we ýerliksiz ünjüler zerarly dowla gaplanýan ynsanlar, geliň, ýagşylyk bossanyna geliň, giriň, haýyr-yhsan saraýyna giriň we özgeleriň ýagdaýy hakda alada ediň: eliňizden gelýän bolsa beriň, günemaňyz ganymat bolsa, zyýapata çagyryň, ýürekdeş söhbet ediň, ýardam arka boluň, goldaw beriň, hyzmatyny, ýumşuny peslik bilmäň, derdine-hyzmatyna ýaraň, şonda siz ajaýyp bagty hakyky öz tagamynda, öz reňkinde, öz sapasynda tapyp bilersiňiz.
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,
«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.