GELÝÄNÇÄ, GELJEGIŇ GAÝGYSYNY ETME!

      «Owaldan takdyr edilen iş öz sagadynda ýüze çykar, öz wagtynda hem geler, ony öň getirjek bolup gyssanmaň» diýilýär. Wakalardan öňe düşjek bolma. Howlukmaçlyk etme, eýsem, sen (gyssanmak bilen) ene göwresinde süňňi kemala gelmedik çagany wagtyndan öň düşürmek isleýärmiň? Heniz bişmedik miweleri ýolmak isleýärmiň?  Ertir heniz ýok zat, heniz onda hakykylygam, barlygam, tagam-ysam, reňkem ýok, häzirlikçe ol ýok zat. Onda biz näme sebäpli ýok zat üçin oýa batyp, oda çümýäris? Onuň «bela-beterlerini» göz öňüne getirip, gorka gaplanýarys? «Hadysalaryny» öňünden alada edýäris? Bir ýaramaz waka gopar öýdüp garaşýarys? «Bizi bu muşakgatlyklardan penalajak tapylarmyka ýa oňa ýüzbe-ýüz durarmykak?» diýip, ynjalykdan gaçýarys. «Ol şatlykmyka ýa şowsuzlymyka?» diýip, howsala düşýäris. Bu pikirlere berilmezinden öň bir zady bilmek wajyp: gelejek heniz gaýyp älemde, ol ýeriň ýüzünde ýok we entek ýere gelip ýetmedik zat. Onuň özi gelmese, köpri bilen ol ýere – geljege aşyp bolanok. Ýeri, köpri hem bar diýeli, biziň köprä ýetjekdigimize, ondan sag-aman aşjakdygymyza kim kepil geçip biler? Birdenkä biz köprä ýetmän togtasak? Ýa-da ýeten badymyza, köpri ýumrulyp aşak inse?! Belki-de, köprüden sag-aman ötüp, ertire aşarys?.. Adam aňynda geljek hakda pikirlenmek we gaýyp älemiň kitabyny açmak üçin örän giň meýdan, giň mümkinçilik bar. Biz bolsa şol mümkinçilikleri, şol giňişligi bolar öýdülýän howsalalardan, hokgalardan, haýpygeliji ýagdaýlardan, birahatlykdan doldurýarys. Bu bir tarapdan ýasama gorky, beýleki tarapdan ýamanlyk tamasyna ýorulýar. Tama etmek bolsa şerigat taýdan hem, akyl taýdan hem ýazgarylýan hadysadyr. Ol kölegeler bilen göreşip ýa-da kowalaşyp ýörmek mysalydyr. Adamlaryň köpüsi geljegi aç, ýalaňaç, hor-homsy, keselçilikli, garyp-pukara, çykgynsyz ýagdaýlardan doly halda göz öňüne getirýärler. Bu pikirleriň ählisi şeýtan medresesiniň aňlara ýollaýan ykrarnamasydyr. Ýogsamam «Şeýtan size garyplygy wada berer we gabahat işlere iteklär; Alla size magfyreti wada berer we beýik mertebeler eçiler» diýilýär. Örän köp adamlar aglaýandyr, ýüzleri gussalydyr, näme üçin diýýäňizmi, ertir ajygaryn öýdüp, ýene bir ýyldan kesellärin öýdüp, ýene ýüz ýyldan kyýamat gopar, ýaşaýyş tükener öýdüp aglaýarlar. Öz ömri gaýry biriniň (ýagny Allanyň) elinde bolan adam bolmadyk zatlar üçin howsala batmaga hakly däldir. Adam özüniň näçe ömür sürjegini bilenok, şonuň üçin hem nämeler boljagy näbelli geljegi gaýgy etmeli däldir.Ertiriň özi ýanyňa gelýänçä, onuň pikirini terk et. Halys bolmasa, ol gelýän myhmany (ýagny geljegi) ýaramaz, oňaýsyz pikirler bilen garşylama. Ertiriň kyssasy bilenem, gussasy bilenem işiň bolmasyn. Ertiriň «dartgynly» wakalary üçin bu gün başyňy sämetme, sebäbi sen ilki bilen şu günüňi oňarmagyň aladasyny et. Nämedir bir zada geň galjak bolsaň, öz pikirlerini, öz dünýälerini heniz güni dogmadyk, entek ýagtylyk görmedik ertir üçin sarp edip, nesýe söwda edýänlere geň gal. Uzyn tamakinlikden häzir bol!

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR