TÜRKMEN IÇMEGI

       Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýede geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gyzgyn gutlap, türkmen-türk halklarynyň mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde türkmen içmegini sowgat berdi. Ol asyrlaryň jümmüşinde sungat derejesinde kämilleşdirilip gelnen ajaýyp milli lybaslarymyzyň bir görnüşidir. Medeniýeti milletimiziň mertebesine we kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz bu şatlykly pursatda içmek dony hem-de onuň nagyşlarynyň many-mazmuny barada gürrüň berdi.

       Mälim bolşy ýaly, biçüwinde we tikilişinde aňrybaş kämillige eýe bolan, iňňän nepis, deňsiz-taýsyz, owadan, köpöwüşginli bezeglerine özboluşly pelsepe, ruhy ynançlar siňdirilen milli egin-eşiklerimiz buýsanjymyzdyr, milli baýlygymyzdyr. Içmek hem halkymyzyň milli egin-eşik medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Içmek soltanlara, begzadadyr şazadalara uly hormatyň nyşany hökmünde sowgat berlipdir. Geçirilen ylmy gözleg işleri içmegiň döreýşiniň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini subut edýär. Mysal üçin, XI asyrda ýaşap geçen belli dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» atly işinde «Içmek — guzy derisinden tikilýän erkek kişileriň dony» diýlip bellenip geçilmegi onuň mundan müň ýyl ozal hem meşhur bolandygyny aňladýar.

       Eýlenen guzy derisinden erkek kişiler üçin don, telpek, düşek, iri şahly malyň hamyndan bolsa köwüş, jylaw, kemer tikilipdir. Şoňa görä-de, deri senetçileri derini eýlemegiň we tikmegiň inçe tärlerini ussatlyk bilen öwrenip, nesilden-nesle geçirip gelýärler. Adaty donlaryň biçüwinde boýundan topuga çenli düşýän içmek dony Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gyş aýlary höwes bilen geýilýär.

       Possunyň geýilýän ýerine we möwsümine görä birnäçe görnüşi bar. Toý-baýramlarda, adatça, silkme içmek geýilýär. Munuň üçin 10-11 sany ýaş, gyrkylmadyk guzynyň derisi peýdalanylyp tikilýär. Şeýle biçüwli içmegiň derisi naryň gabygy gaýnadylyp alynýan gyzyl-sary reňke boýalýar. Adaty günlerde geýilýän deri içmegi 4-5 sany toklynyň derisinden tikýärler. Bagana içmek bolsa has ýaş, adatça, bir-iki aýlyk guzynyň derisinden tikilýär. Onuň ýakalaryna gara, goýy-gök reňkli ýüň ýa-da matadan jähek aýlanýar.

       Içmek gyş aýlary sowukdan goranmak üçin maldarçylyk bilen meşgullanýan etraplarda has, giňden ulanylýar. Şeýle maksat üçin tikilýän içmege «işçi içmek» diýlip, ol tüýi has ösen guzularyň derisinden tikilýär. Ony, esasan, çopanlar gündelik işlerde geýýärler.

       Ýokary hilli içmek 7 guzynyň eýlenen derisinden tikilýär. Saryja goýnuň toklusynyň derisi has gowy hasaplanýar. Sebäbi ol ýeňil bolýar. Türkmen ýigidi bagana dony egnine atyp, bedewe böküp münende, içmek onuň egninden gaçmasa, şol gowy içmek hasaplanypdyr. Adatça, içmegiň ýeňlerine el sokulmaýar, ony egne atynýarlar. Muňa «ýelbegeý atynma» diýilýär. Belli ýazyjy Nurmyrat Saryhanow ony eserleriniň birinde şeýle suratlandyrýar: «Çaryguly bolsa gurama kürtekçeleriniň üstünden gök çyzmykly hywa donuny geýip, possunyny-da ýelbegeý atynypdyr».

       Ýüňi iç ýüzüne edilip tikilýän içmege «possun» diýilýär. Içmek tikmek bilen meşgullanýan adama, «içmek ussasy», «içmekçi» ýa-da «possunçy» diýilýär. Bu üstki eşigiň Ahal hem-de Balkan welaýatlarynda «içmek», Pendi ýaýlasynda «possun» ady has meşhurdyr. Öňler erkek kişileriň pygamber ýaş toýuna ak possun ýa-da külüň reňkine golaý narynç-mämişi reňkli içmek sowgat edilipdir.

       Içmeklik derini eýlemek üçin arpa unundan bulamak edilýär hem-de ol üç-dört gün saklanyp turşadylýar. Şondan soň bulamak eýlemek üçin taýýarlanylan derä endigan edip çalnyp, iki derini guzynyň derisiniň aýalaryny laýyklap, biri-biriniň üstüne goýup, guran ýerine ýene-de bulamak çalyp, azyndan 20 — 25 gün eýlemek üçin saklanylýar. Soňra deriniň ýüzündäki bulamagyň galyndysyny aýryp, deri tä guraýança ýörite ýasalan «toýnuk» guralynda çekdirilip süýndürilýär. Şondan soň «deridaş» sürtülip, deriniň ýüzi ýelmeşip galan ýag galyndylaryndan arassalanýar. Boýag almak üçin turşy naryň (adatça, ýabany ösen nar) gabygy sokuda owradylýar we gyzgyn suwda gaýnadylýar. Ol eýlenen derä birsydyrgyn çalynýar. Nardan taýýarlanylan boýaga biraz zäk goşulsa, reňk has-da durnukly düşýär. Häzirki wagtda dury sary reňki almak üçin himiki boýag hem ulanylýar.

       Içmegi bezeýän nagyşlar hem çeper sungatyň gaýtalanmajak özboluşly dünýäsini emele getirýär. Olaryň many-mazmunynda halkymyzyň ruhy däp-dessurlary, zähmetsöýerlik, gaýratlylyk ýaly milli häsiýetleri, parahatçylykly durmuşy söýmek ýaly ýörelgeleri, gözden-dilden goranmak ýaly gadymy ynançlar öz beýanyny tapypdyr.

       Içmegiň ýakasyndan tä eteginiň syýy, ýeňleri, jübüsiniň daşy çyzmykly mata bolan parawuz bilen jäheklenýär. Ol mata bölegi gyýlyp kesilensoň, «gyýmyk» hem diýilýär. Erkek kişileriň donlary üçin tarada dokalýan çabytlyk, alatow, mawut ýa-da keteni ulanylýar. Çyzmykly matalaryň reňki köplenç, ak-gara, gyzyl, ýaşyl ýa-da islege görä, dürli reňkde bolýar. Adatça, parawuzyň daşyndan alaja aýlanýar. Alaja ak bilen gara reňkli sapakdan işilýär. Eger alaja 4,6,8,10,12 reňkli sapakda işilse, «alagowurdak» diýilýär.

       Içmegiň ýakasynda sary, gara, ak reňkli sapakdan pugtalanyp tikilip, «diş» nagşy salynýar. Öňki döwürde derwezäniň ýokarsyna goýulýan dişe meňzedilip, oňa Daşoguz welaýatynda «derwezediş», Ahal sebitinde bolsa ýüň daragyň dişine meňzedilip, «darakdiş» diýilýär. Içmegiň ýakasyna dört egrem alagowurdak bezegi tikilipdir. Jübüleriniň aşagyndan şahlary aşak bakyp duran goçak nagşy pugtalanýar. Adatça, olaryň aşagyna dört reňkli sapakdan örülen alagowurdak edilýär. Goçak nagşy göz-dilden, görner-görünmez bela-beterlerden gorasyn diýen ynanç bilen bagly döräpdir. Içmegiň eteginden iki tarap ýandan kesilen ýartmajyň daşyna parawuz aýlanyp, ýokarky bölegine üçburçlukdan arça meňzedilip, pugtama hem salynýar. Bu nagşa, üçburçluk doga meňzedilýändigi sebäpli, «dogajyk» ýa-da «tumar», biri-biriniň üstüne arça meňzedilip setirlenýändigi sebäpli, «arçadoga» diýilýär. Adatça, arçadoganyň ýokarsyna şahlary ýokary bakyp duran goçak nagşy pugtalanýar. Jübüsiniň ýokarsyna hem-de aşagyna ýarymgülýaýdy nagşy pugtalanýan içmege-de duş gelinýär. Gülýaýdy nagşy bereket-rysgal köp bolsun, döwleti artsyn diýen ynanç bilen bagly.

       Jübiniň aşagynda, pugtamada goçuň şahyna meňzedilip, «goçak» we bir setir «arçadoga» nagyşlary ulanylypdyr. Içmegiň ýakasyna iki tarapdan oturdylan «dogajyk» diýilýän bezeg nagşy hem tikilýär. Ol, adatça, türkmeniň ak öýüniň keşbine meňzedilip, üçburçluga golaý şekilde deriden ýa-da parawuz matadan kesilip, bagjyga tikilýär. Öňler oguz taýpalarynyň tagmalary dogajyk görnüşinde kesilip, bagjygyň üstünden tikilipdir. Dogajyk içmegiň arkasyna-da tikilýär. Öňki döwürde çagalaryň donunyň arkasyna dogajyk hökmünde ok bilen ýaýa meňzeş «okgözi» şaý-sepi dakylypdyr. Uly ýaşly erkek kişileriň, esasan hem, şalaryň, begzadalaryň, bagşy-sazandalaryň, çapyksuwarlaryň, pälwanlaryň we il içinde aýratyn hormatlanýan beýleki adamlaryň içmeginiň arkasyna tikilýän dogajygyň içine «gözden-dilden gorasyn» diýip, dagdan, üzärlik, duz, itiň ýa möjegiň ýüňünden bir bölejik salnypdyr. Ýüzüne bolsa edil ýakadaky ýaly, taýpanyň oňany ýa-da nyşany nagyşlanypdyr. Içmegiň ýakasyna, ýeňlerine, parawuzyň daşyna, köplenç, gara ýa-da mele reňkli garaköli tokly derisinden jähek edilýär. Ýüňi seçelenip durmagy üçin tow berilýär.

       Görnüşi ýaly, içmek erkek kişileriň milli donlarynyň iň naýbaşy nusgalarynyň biri bolup, ol medeniýetimiz barada iňňän gymmatly maglumatlary özüne siňdirip gelipdir. Içmegiň taýýarlanyşynyň inçe usul-tärleriniň nesilden-nesle geçip gelmegi hem-de durmuşymyzda onuň hemişe arzylanmagy halkymyz tarapyndan milli lybaslarymyza we geýinmek medeniýetimize ýokary sarpa goýulýandygynyň aýdyň güwäsidir.

 

Agamyrat BALTAÝEW,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy,

taryh ylymlarynyň kandidaty.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR