GAMGYN BOLMA!

        Çünki sen düýn gynanyp-gyýlyp, darygyp gördüň, saňa gara şaýlyk haýry degdimi? Ogluň işi ugrukmady, gynananyň bilen, üstünlik gazandymy? Ene-ataň aradan çykdy, öte gyýlanyň bilen, yzyna direlip geldimi? Söwdada çökdüň, gaýga çümdüň, daryganyň bilen, ýitgiler girdejä öwrüldimi? Gamgyn bolma! Sen bir bela-beter üçin gama batdyň, gaýta esse-esse dert gazandyň. Garyplygyňa gyýyldyň, gaýta artykmaç gaýgy-gussa çolandyň. Görip-bahyllaryň her bir sözi üçin ejir çekdiň, şeýdibem, olaryň heşelle kakmagyna kömek etdiň. «Bir ýaramaz iş ýüz beräýmesin» diýip, dowla düşüp, hasrata batdyň ýördüň, emma ol bolmady. Gury örteneniň galdy. Gamgyn bolma! Kalbyňy gaýgy-gam, dargursaklyk eýelän bolsa, giň howlynyň, görmegeý ýanýoldaşyň, bol-telki malyň, abraýly wezipäniň, asylly-terbiýeli perzentleriň berýän ýakymyny, lezzetini asla duýup bilmersiň! Gamgyn bolma! Gaýgy-gynanç süýji suwy şerebe, gül gozasyny türşek, bag-bossanlygy gök gögermez düzlük, durmuşy bolsa çydap bolmajak zyndan edip görkezer. Gamgyn bolma! Şükür et: iki gözüň, iki gulagyň, iki dodagyň, iki eliň, iki aýagyň, bir diliň bar – sag-salamat. Günüň ganymat, ýurduň abat, süňňüň gurat. Ýeri mundan soň: «Perwerdigäriňiziň haýsy bir nygmatyny inkär etjek bolýarsyňyz?». Gamgyn bolma! Arassa ynanç-ygtykadyň, ýatyp-örýän öýüň, iýere döwüm çöregiň, içere arassa suwuň, geýere egin-eşigiň, mährini berip duran ýanýoldaş-hemraň bar, ýeri, nämä darygyp, gynanýarsyň?

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Öňki makala

GARANTGA BOLMA!

Indiki makala

TÜRKMEN IÇMEGI

Meňzeş habarlar

03 Iýul 2024 | 52 okalan

BAR ZADYŇ HÖZIRINI GÖR...

02 Iýul 2024 | 43 okalan

ÝÜREGI ÝUWUJY SERIŞDE