GARANTGA BOLMA!

         Özgeleriň şahsyýetini özüňe köýneklik edinme. Gaýrylaryň donuna bürenme! Örän köp adamlar özgelere meňzejek bolup, özlerini, öz seslerini, owazlaryny we hereketlerini, öz kelamlaryny, öz ukyp-başarnyklaryny, öz zehinlerini, özlerine mahsus we mynasyp gelýän hal-ýagdaýlaryny ýatlaryndan çykarýarlar. Şeýdibem, barlygyň ýok bolmagyna, çüpremegine, rehnetiň mähnete öwrülmegine sebäp bolýarlar. Adam atadan iň soňky ýaradylan adam balasyna çenli keşp, görk we häsiýet babatda bir-birine gabat gelen ýekeje adam hem ýokdur, ýeri, onsoň olar ukyp-zehin, başarnyk, gylyk-häsiýet babatda meňzeş bolar öýdýäňizmi? Sen taryhda deňi-taýy bolmadyk we geljekde hem meňzeşi bolmajak aýratyn bir şahs. Sen Myratdan, Omardan büs-bütin tapawutly adam, şonuň üçin özüňi olara öýkünmek, kesekä meňzejek bolmak, olaryň keşbinde eräp gitmek arzuwlarynda janlandyrma. Sen öz zehiniňe we tebigatyňa dolan! «Adamlaryň her biri öz güzerini, nireden suw içmelidigini (özlerine degişli suwy, ýoly) bilýändir», «Ähli tarapa öwürýän Oldur, elmydama haýyrly zatlary saýlap alyň». Ýaradylyşyň ýaly ýaşa, sesiňi üýtgetme, äheňiňe bat berme (çalyşma), ýöreýşiňi bozjak bolma, özüňi arassa pikirler bilen terbiýele, ýöne hiç haçan özlügiňi inkär etme we erkinligiňi elden berme. Seniň özboluşly tagamyň, özboluşly reňkiň bar. Biz seni şol tagamyňda, şol reňkiňde – öz ajaýyplygyňda görmek isleýäris. Sebäbi sen şeýle ýaradylypsyň we biz seni hut şonuň ýaly gowy adam diýibem tanaýarys. Hiç biriňiz ýat eşige bürenen garantga bolmaň. Adamlar tebigaty boýunça daragtlara meňzeýär: süýji we turşy, uzyn we gysga, goý, olar şeýle hem bolsunlar. Eger badam bolsaň, behä öwrüljek bolma. Sebäbi seniň owadanlygyň, jemalyň we gymmatyň seniň badamlygyňda jemlenip dur. Biziň dürli reňkdeligimiz, dürli dilde gürleýänligimiz, dürli başarnyklara hötde gelýändigimiz, dürlüçe güýç-kuwwatlydygymyz Ýaradanyň aýdyň alamatlarynyň biridir. Allanyň alamatlaryny inkär etmegin, ýoýmagyn.

 

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 398 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 386 okalan

KESIR