Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işler alnyp barylýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda türkmeniň edebiýaty we sungaty hem galkynýar. Edebiýatdan söz açylanda akyldar şahyr Magtymguly Pyraga uly orun degişlidir. Çünki dana şahyr söz äleminiň soltany hasaplanýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Watana, onuň keremli topragyna bolan beýik söýgä, belent duýga eýlenendir. Şahyryň döredijiliginde türkmen halkynyň bir supranyň başyna jem bolmagyny arzuwlap ýazylan şygyrlaryň sany sanardan kändir. Beýik akyldar öz ýaşan döwründe türkmen nusgawy edebiýatyny, milli şygryýeti belende göterdi. Dana Magtymgulynyň ynsanperwerlige ýugrulan döredijiligi ençeme asyrlap ynsanyýete ruhy goldaw berip gelýär. Berkarar döwleti arzuw eden, agzybirligi wagyz eden Magtymguly Pyragy agzybirligiň bar ýerinde döwletliligiň, abadançylygyň bolýandygyny öz şygyrlary arkaly beýan edipdir.
Magtymguly Pyragy sözüň doly manysynda milli şahyrdyr. Türkmen edebiýatyny Magtymgulysyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Söz äleminiň zergäri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, dil baýlygy, pikir ummany çäksizdir. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr».
Şahyryň: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirlerindäki arzuw-islegleri wysal bolup, mukaddes supraly beýik döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleri bilen öňe barýar.
Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
başlygynyň w.ýe.ýe.